ABŞ-da goranmak pudagynyň öňki işgäri John Murray Rowe Jr. 10,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şeýle-de, oňa 25 000 dollar jerime salyndy diýip, ABŞ-nyň Adalat departamenti habar berdi.
67 ýaşly Murray Günorta Dakotada ýaşaýardy we 40 ýyl töweregi wagt bäri ABŞ-nyň birnäçe goranyş kompaniýasynda synag inženeri bolup işledi. Hususan-da, ol radio elektron söweş tehnologiýalary ugrunda işledi. Ol işinde “gizlin” we “doly gizlin/SCI” (ýaşyryn maglumat) ýaly dürli derejeli elýeterlilige eýe boldy.
Rowe 2020-nji ýylyň mart aýynda Russiýanyň hökümet wekili diýip hasaplaýan bir adam bilen habarlaşdy we özüniň ABŞ-a ygrarly däldigini, Russiýa kömek etmek isleýändigini aýtdy.
Rowe duşuşyk wagtynda söhbetdeşine ABŞ-nyň milli goranyşyna degişli gizlin maglumatlary, hususan-da ABŞ-nyň söweş uçarlarynda ulanylýan radioelektron enjamlar, garşylyk ulgamlary barada anyk maglumatlary açdy.
Rowe rus agenti bilen däl-de, FBI agenti bilen gürleşýändigini bilmändir.