Daşkentiň Almazar etrabynda bir aýal 1 we 3 ýaşlaryndaky iki ogluny köp gatly jaýyň penjiresinden taşlady we soň özüni aşak oklady.
Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat wekili Haýot Şamsutdinow Gazeta.uz soranda bu habary tassyk etdi.
Bu waka 17-nji sentýabrda, Daşkent wagty bilen sagat 2:18 töwereginde boldy.
24 ýaşly aýal hassahanada jan berdi, onuň çagalaryny halas etmek başardy diýip, habarda aýdylýar.
Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, bu wakanyň sebäbi är-aýalyň arasynda gabanjaňlyk esasynda dörän dawa bilen bagly bolup biler.
Bu özbek paýtagtynda eneleriň soňky iki hepdede öz çagalaryny öldürmegi bilen bagly ikinji waka bolup durýar.