Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 15-nji sentýabrda Dohada Katar döwletiniň emiri, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmen DIM-niň ýazmagyna görä, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani “häzirki ýeňil bolmadyk döwürde Kataryň halkyna we döwletine berýän goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi”.
Şeýle-de, ol iki ýurduň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belledi diýip, habarda aýdylýar.
Iki döwletiň halkara syýasy arenasynda BMG-niň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň aýratyn bellendigi hem habar berilýär.