Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gazada gury ýer operasiýasyna başlady


Ysraýyl goranyş güýçleri (IDF) 15-nji sentýabr agşamy Gaza şäherini ele geçirmek üçin ýerüsti operasiýa başlady, onuň maksady Hamas terror toparyny derbi-dagyn etmek diýip, "The Jerusalem Post" we "Axios" habar berýär.

Ysraýylyň howa güýçleri Gaza howadan giň gerimli zarba urdy, şondan soň şähere tanklar girdi.

Ysraýylyň Goranmak güýçleri biraz öň palestinalylary Gazany terk etmäge we günortadaky "gumanitar zolaklarda" ýerleşmäge çagyrdy. “Axios” neşiriniň habaryna görä, şäheri takmynan 300,000 adam terk etdi.

“Al Jazeera” Ysraýyl goşunynyň şäheriň demirgazyk bölegini ele geçirmäge synanyşýandygyny ýazýar.

Ysraýylyň Goranmak ministri Israel Katz 16-njy sentýabr güni irden operasiýanyň başlanandygy baradaky maglumatlary tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, Ysraýyl goşuny Gaza zolagyndaky "terrorçylyk infrastrukturasyna" "demir ýumruk" salýar.

"IDF esgerleri zamun alnanlaryň boşadylmagy we Hamasyň derbi-dagyn edilmegi üçin zerur şertleri döretmek ugrunda batyrgaý söweşýär. Biz wezipämiz ýerine ýetirilýänçä tabyn bolmarys we yza dönmeris” diýip, ministr nygtady.

Ysraýyl operasiýasy Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň duşuşygyndan birnäçe sagat soň başlandy.

"Axiosyň" Ysraýylyň iki resmisine salgylanyp ýazmagyna görä, Rubio Netanýahua ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýylyň Gazadaky gury ýer operasiýasyny goldaýandygyny, ýöne onuň "tiz amala aşyrylmagyny we mümkin boldugyça gysga wagtda tamamlanmagyny" isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG