Häkimiýetler Gyzyl kitaba giren ösümlikleri nähili goraýar?

Bezeg suraty

Ahal welaýatynyň ulanylmaýan meýdanlarynda gögeren ýandaklary çapyp, petdeläp, küde ýasap, gyşa mal oty edinýän raýatlaryň ellerinden çapan ýandaklary alynýar, häkimiýetler owalda-ahyrda görülmedik derejedäki ‘talaňçylyga’ ýüz urýarlar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Sarahs etrabynyň daýhan birleşiklerinde, ekin meýdanlarynyň töwereginde, ekin ekilmedik boş ýatan ýerlerde gögeren ýandaklary çapyp, gyş üçin mallaryna ot-iým taýýarlaýan, işiginde mal saklap, ýurduň azyk howpsuzlygyna goşant goşýan adamlaryň ýandak küdeleri ellerinden alynýar diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Bir çebiş bilen ýapylan 'jenaýat'

“Men her ýyl gyşyna mallaryma ot-iým bolsun diýip, idelmeän ýatan ýerlerde gögeren ýandaklara aýlanyp, gowy biten ýerlerinden ýandak çapýaryn. Men ol ýandaky öl wagty petdeläp, biraz guranyndan soň küde edip goýýaryn. Çapan ýandaklarymy bir ýük ulagy dolýança alyp gaýtman, meýdanda goýýaryn” diýip, sarahsly daýhan bu hili ýagdaýa öňem bir gezek düşendigini aýtdy.

Degişli maglumat Balkanda bugdaý eken kärendeçiler saman umydyndan kesilýär - çeşmeler


Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran daýhanyň sözlerine görä, ol yzy teleşgeli traktory hakyna tutup, meýdanda ýygan ýandaklaryny işigindäki mallaryna alyp gaýtmaga baranda, indiden beýläk meýdanda, boş ýerde gögeren ýandaklary ýygmagyň hem ‘jenaýat’ hasaplanylýandygyna şaýat bolupdyr.

“Ýandaklarymy teleşgä ýükläp başladym welin, iki sany hususy awtoulagda özlerini hukuk goraýjy diýip tanadan adamlar geldi. Olar teleşgä ýüklän ýandagymy yzyna düşürmegimi talap etdiler. Men ilki düşünmedim. ‘Näme boldy? Men her ýyl bu ýerleriň ýandagyny ýygyp, mallaryma ot-iým edinýärin’ diýdim. Emma meniň bu ýerler boş ýatan ýerler, hiç bir daýhançylyga degişli däl diýen sözlerimi diňlän bolmady.”

Onuň sözlerine görä, hukuk goraýjylar ondan näçeräk malynyň bardygyny soraýarlar. Daýhan ‘mende uly mal ýok, 50-ä golaý goýun-geçim bar’ diýýär. Şondan soň hukuk goraýjylar oňa ‘nähili ters iş edendigini we muny nädip düzedip boljakdygyny düşündirýärler’.

“Sen şu wagt eden zadyňy bilýäňmi? Bu ýandak Türkmenistanda gyzyl kitaba girizilen ösümlik! Bu çapan ýandaklaryň üçin iş kesip, seni türme tussaglygyna ugradyp bolýar. Ýöne biz saňa kömek edeli, sen bize çaý-çörek ber, bu diýdigimiz goýunlaryň gowusyndan birini ber, çapan ýandagyňdan eliňi çek, biz seni göremizok, senem bizi göreňok.”

Şeýle-de, çeşmäniň tassyklamagyna görä, hukuk goraýjylar oňa ‘bizde seniň hormatlymyzyň gyzyl kitabyna salan ýandak ösümligini 10 günden gowrak çapyşyňy görkezýän wideo ýazgyňam bar, biz ony pozaly, seni kösemäli, sen ýagşy adama meňzeýäň’ diýipdirler.

Daýhan olar bilen razylaşmaly bolandygyny, hukuk goraýjylara çapan ýandagyny we bir çebiş berendigini gürrüň berdi.

On goýun bilen ýapylan 'jenaýat'

“Meniň gep-gürrüňsiz razylaşmagymyň bir sebäp bar: geçen gyşda gaz peselip, öýler gaty sowuk bolansoň, men boş meýdanda gögeren ýylgynlardan çapyp, peç üçin odun edindim, tamdyrtowulyk üçinem biraz ýygdym. Şonda-da meni tutup, ‘bu ýylgyn gyzyl kitaba girizildi’ diýipdiler. Men şonda ynanman, bulara garşy çykdym, ‘diňe çöldäki ojar gyzyl kitaba girizildi’ diýdim. Hukuk goraýjylar maňa zeýkeşleriň gyrasynda ösýän ýylgynlaryň hem gyzyl kitaba girizilendigini görkezip, türmä basjak diýip, tas öýümi satdyrypdylar” diýip, daýhan şonda zordan 10 sany goýun bilen ‘başyny gutarandygyny’ gürrüň berdi.

Degişli maglumat Harby, hukuk goraýjy edaralarda 'ýiti işgär ýetmezçiligi' döreýär - çeşmeler


Azatlygyň aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe çeşmesi bu hili ‘wakalaryň’ täzelik däldigini, ‘öňem bolandygyny’ tassyk etdiler.

Ýandak ýygany üçin çebiş berip gutulan daýhan hukuk goraýjylaryň ýandaklaryny oba äkitmek üçin hakyna tutan traktorçysyny hem gaty gorkuzandyklaryny gürrüň berdi.

“Men indi ýandagy hem gyzyl kitaba salypdyrlar, bir çebiş berip sypsam kaýyl bolaýyn diýen karara geldim welin, hukuk goraýjylar şol minutda traktorçynyň daşyna geçdiler. Ony gorkuzyp, ‘bu işde seniňem eliň bar’ diýip, ýandagy teleşgesine ýükläp, öz gerek ýerlerine äkider ýaly etdiler” diýip, daýhan aýtdy.

Onuň pikiriçe, muňa halal mal bakyp, maşgalasyny eklemekçi bolýan sada adamlary talamak diýilse, dogry bolar.

Adamlar ‘alabaý itlerem bizden gymmat’ diýýärler

Oba ýaşaýjysy hukuk goraýjylar ilki başda, ýandak çapyp başlanynda görüp, wideo ýazgy etmän, ýanyna gelip, ‘bu ýandaklary çapma, bular gyzyl kitaba girizildi’ diýip duýduran bolsalar, ýandak çapyp, küde edip, guradyp, öýüne alyp gaýtjak bolýança garaşyp, soň elinden almadyk bolsalar, muňa ‘talaňçylyk’ diýmäge diliniň öwrülmejekdigini hem sözüne goşdy.

Ol ‘biz nädip gün görmeli’, adamlar ‘alabaý itlerem bizden gymmat’ diýýärler, türkmen halky haçan gyzyl kitaba girizilip, goralyp saklanar?’ diýip sorady.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlar gyzyl kitaba girizilen ösümlikler ýa jandarlar meselesindäki gadaganlyklaryň diňe garyp daýhanlara degişlidigini, gurply adamlara, hukuk goraýjylara, hökümetde orny bar adamlara degişli däldigini aýdýarlar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda kazylaryň garaşsyz däldigini, metbugat azatlygynyň ýokdugyny, garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistleriň berk ýanalýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri soňky döwürde sosial mediada ýurtdaky kanun bozulmalaryndan edilýän anyk şikaýatlara hiç bir açyk düşündiriş bermeýär. Synçylar bu ýagdaýyň hukuk goraýjy diýilýän adamlaryň daýhanlaryň sadalygyndan ‘hyýanatçylykly peýdalanmagyna giň ýol açýandygyny’ öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.