Rus goşuny 16-njy sentýabra geçilýän gije Zaporižiýa garşy takmynan onlarça zarba urdy: netijede bir adam öldi, 13 adam ýaralandy.
Ýaralananlaryň arasynda 4 we 17 ýaş aralygyndaky iki çaga hem bar diýip, sebit harby dolandyryş gullugy, WA we Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy habar berdi.
Wepat bolan 41 ýaşly erkek Zaporižiýe şäheriniň ýaşaýjysydy.
Deslapky maglumatlara görä, rus goşunlary bu hüjmede “Tornado-S” reaktiw ulgamlaryny ulandy: azyndan 10 zarba uruldy diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Iwan Fedorow aýtdy.
Onuň sözlerine görä, zarbalar şäheriň Kommunarskiý we Şewçenkowskiý etraplaryna uruldy. Köp kwartiraly 10 ýaşaýyş jaýyna we 12 hususy jaýa zyýan ýetdi. Üç sany ýaşaýyş jaýyny, awtoulag duralgasyndaky iki ýük maşynyny, tehniki hyzmat merkezini ýangyn gaplap aldy.
Rus goşuny Pologowsk etrabyna hem hüjüm etdi, pilotsyz uçar zarbalary netijesinde 66 ýaşly bir adam öldi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşam Ukrainanyň 87 pilotsyz uçarynyň urlandygyny habar berdi.