ÝB-niň Russiýa garşy 19-njy sanksiýasyna bank, energiýa we kriptowalýutalar girer

Ursula fon der Leýen

ÝB-niň Russiýa garşy 19-njy sanksiýa bukjasy bank, energiýa ulgamlaryny we kriptowalýutalary öz içine alar diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen eden telefon gürrüňinden soň X sosial media platformasynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, komissiýa ýakyn wagtda täze sanksiýalar bukjasynyň taslamasyny hödürlär.

"Russiýanyň uruş ykdysadyýeti gazylyp alynýan ýangyçdan gelýän girdejileri ulanyp, Ukrainadaky gan döküşligi maliýeleşdirýär. Komissiýa, munuň soňlanmagy üçin, Russiýanyň gazylyp alynýan ýangyç importyndan tapgyrlaýyn el çekilmegini tizleşdirmegi teklip eder" diýip, Fon der Leýen aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Tramp bilen geçiren söhbetdeşligini "netijeli" diýip atlandyrdy. Ol Russiýa garşy edilýän ykdysady basyşy güýçlendirmek boýunça bilelikdäki tagallalary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.